Eýran 2025-nji ýyla çenli täze Çabahar kosmodromyndan hemra uçurmagy meýilleşdirýär

  • 13.09.2023 15:16
  • 7.6k+

Eýran Yslam Respublikasy 2025-nji ýyla çenli ýurduň günorta-gündogaryndaky täze Çabahar kosmodromyndan gün-sinhron orbitasyna hemra ibermegi meýilleşdirýär. Muny Eýranyň kosmos gullugynyň resmi wekili Hoseýn Dalirian mälim etdi.

“Çabahar kosmodromynyň gurluşygy üç basgançakdan ybarat, häzir kosmos gullugy gurluşygyň birinji tapgyryny tamamlamagyň üstünde işleýär we 1403-nji ýylyň birinji ýarymynda - 1404-nji ýylyň başynda (grigorian senenamasy boýunça  2024-nji ýylyň sentýabryna - 2025-nji ýylyň iýunyna gabat gelýär) kosmodromdan emeli hemrany uçuryp, gün-sinhron orbitasyna çykaryp bileris "- diýip, Mehr gullugy onuň sözlerini getirýär.

Şeýle hem Dalirian, Eýranyň kosmos maksatnamasyna laýyklykda, 2031-nji ýyla çenli Çabahar kosmodromynyň halkara kosmos maksatnamalarynyň çäginde apparatlary uçurmak üçin baza bolup biljekdigini aýtdy.


28.12.2024 08:49
4.3k+

Alymlar gadymy eýran medeniýetinde stoluň üstünde oýnalýan oýnuň düzgünlerini dikeltdiler. Onuň ýaşy 4500 ýyl

Alymlar ýaşy 4500 ýyl bolan, stoluň üstünde oýnalýan oýnuň düzgünlerini täzeden dikeltdiler. Oýun tagtasy 1977-nji ýylda Eýranyň günorta-gündogaryndaky Şahr-e Sohtede geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri...

21.08.2024 10:59
3.6k+

Türkmen hünärmenleri Eýranda “Horasan” ylmy-tehniki parkyna baryp gördüler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň ylmy-tehniki parkynda üç günlük duşuşyk geçirildi. THP-niň ISNA agentligine...

07.10.2023 20:29
8.1k+

Eýran ýakyn bäş ýylda kosmosa adam iberer

Eýran kosmosy özleşdirmäge tarap işjeň hereket edýär. Ýurduň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ministri Isa Zarepuryň aýtmagyna görä, Eýran ýakyn bäş ýylda kosmosa adam ibermekçi bolýar. Bu barada ferra.ru habar...

12.08.2022 12:10
6.1k+

Eýran ýene-de üç emeli hemrany döretmegi meýilleşdirýär

Eýran golaýda orbita uçuran “Haýýam” emeli hemrasy ýaly ýene-de üç hemrany döretmegi meýilleşdirýär. Eýran alymlarynyň gatnaşmagynda täze hemralary öndürmek ýurduň Hökümetiniň gün tertibinde durýar. Bu barada Eýranyň...