Alymlar gadymy eýran medeniýetinde stoluň üstünde oýnalýan oýnuň düzgünlerini dikeltdiler. Onuň ýaşy 4500 ýyl

  • 28.12.2024 08:49
  • 4.6k+

Alymlar ýaşy 4500 ýyl bolan, stoluň üstünde oýnalýan oýnuň düzgünlerini täzeden dikeltdiler. Oýun tagtasy 1977-nji ýylda Eýranyň günorta-gündogaryndaky Şahr-e Sohtede geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy diýip, Iran: Journal of the British Institute of Persian Studies  žurnalynda çap edilen ylmy işe salgylanýan ScienceAlert ýazýar.

Göçümleri dikeltmek üçin barlagçylara 47 ýyl gerek boldy.
Beýik Britaniýanyň Esseks uniwersitetiniň informatika boýunça hünärmeni Sem Jelweh garaşsyz arheolog Hosseýn Moradi bilen bilelikde bolup biläýjek  düzgünleriň akylly-başly toplumyny döretmek üçin fiziki subutnamalaryň we modelirlemäniň utgaşmasyny ulandylar.

"Teklip edilýän düzgünler taryhy taýdan takyk we oýun meýdançasynyň her bir bölegine ähmiýet bermek üçin niýetlenendir" – diýip, alymlar gürrüň berdiler.

Oýun haşamlanyp ýylanyň şekili çekilen 20 öýjükli tagtadan, 27 geometrik figuradan  we dört sany oýun çöpünden ybarat. Oýunçylar figuralary herekete getirmek we garşydaşlaryndan öňe geçmek üçin kubikleri atýarlar. Iki oýunçynyň her birinde on sany "ylgawçydan", şeýle hem ýyldyz şekilli figuralardan ("gaçybatalga" hökmünde çykyş edýär) we konus şekilli figuradan ("bloklaýjylar" hökmünde ulanylyp bilner) ybarat toplum  bar.
Oýunçynyň wezipesi garşydaşyndan öň tagtanyň üstünden on çöpüň hemmesini aýyrmakdan ybarat. Bu baglanyşygy ulanyp, gadymy oýunda güýjüňizi synap bilersiňiz.
Barlagçylar bu oýnuň bürünç eýýamynda meşhur bolan bolmagynyň we dürli medeniýetlerde dürlüçe atlandyrylan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Saklanyp galan bir adyny hem tapmak başartmady.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....