Aňrybaş ýeňledilen Tesla Model S dregde rekord goýdy

  • 12.09.2023 13:28
  • 20k+

Boosted Boiz youtube kanalynyň awtorlary dünýäde iň ýeňil diýlip atlandyrylýan Tesla Model S Plaidde dreg-reýsting ýaryşynda täze rekord goýdular. Öndüriji tarapyndan yglan edilen resmi wagta ýetişmek üçin höwesjeňler awtoulagyň diňe bir mümkin bolan zatlaryny aýryp ýeňletmän, eýsem ýaryşa agramy gaty ýeňil sürüjini hem çagyrdylar. Netijede, “ýalaňaçlanan” liftbek 8,714 sekuntda çärýek mil aralygy geçdi.

Üç sany elektrik hereketlendirijisi jemi 760 kilowat (1034 at güýji) öndürýän Tesla Model S Plaid badalgadan başlap 9,23 sekuntda 402 metr aralygy geçip, pellehana barýança sagatda 250 km tizlige ýetip bilýär. ABŞ-da şeýle elektrikli awtoulagyň bahasy 90 müň dollardan başlaýar. Deňeşdirmek üçin, bahasy has gymmat  Bugatti Veyron giperkary, şol bir maşklary sagatda 238 km tizlik bilen 9,9 sekuntda tamamlaýar.
Rekord goýmak ýaryşyna gatnaşan elektrik ulagynyň ähli gapdal panelleri aýryldy. Salonda aýratynlyklary sebäpli agramy 36 kilograma ýetmeýän Greg atly hünärmen pilot üçin diňe bir oturgyç goýuldy. Ol birnäçe synanyşykdan soň, sagatda 254 km tizlik bilen täze wagt rekordyny goýmagy başardy.


01.06.2026 20:16
5.8k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
10k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5.2k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 17:01
6.2k+

Argentinada 750 metrlik sendwiç bilen rekord goýmak synanyşygy tertipsizlige öwrüldi

Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatynyň Awelýaneda şäherinde Maý rewolýusiýasynyň gününe bagyşlanyp guralan sendwiç taýýarlamak çäresi garaşylmadyk bulama-bujarlyk bilen tamamlandy. Bu barada ýerli KHBS-e......