Argentinada 750 metrlik sendwiç bilen rekord goýmak synanyşygy tertipsizlige öwrüldi

  • 28.05.2026 17:01
  • 6.3k+

Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatynyň Awelýaneda şäherinde Maý rewolýusiýasynyň gününe bagyşlanyp guralan sendwiç taýýarlamak çäresi garaşylmadyk bulama-bujarlyk bilen tamamlandy. Bu barada ýerli KHBS-e salgylanyp, «The Asia Business Daily» neşiri habar berýär.

«Parrilla El Tano» restorany tarapyndan guralan çärede uzynlygy 750 metr bolan dünýäde iň uzyn etli sendwiçi taýýarlamak we Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek meýilleşdirilipdi. Bu ägirt uly tagamy taýýarlamak üçin guramaçylar 1500 kg sygyr etini, 7500 sany ýumurtga we 1000-den gowrak uzyn baget çöregini satyn aldy.

Ýöne tagamy taýýarlamak we ony kesip paýlamak işiniň aşa gijikdirilmegi mugt iýmite garaşyp duran müňlerçe sabyrsyz tomaşaçynyň närazylygyna getirdi. Ahyrynda mähelle gorag germewlerini ýykyp, stollara tarap ylgady we aşpezleriň gözüniň öňünde sendwiçi bölek-bölek edip alyp gitmäge başlady. Hatda käbir adamlar iýmitler bilen birlikde çäräni geçirmek üçin ulanylan predmetleri hem alyp gitdi.

KHBS-iň habar bermegine görä, sendwiçiň uzynlygyny notarius ölçäp ýetişdi we ol rekord 771 metre ýetdi. Muňa garamazdan, ýüze çykan tertipsizlikler sebäpli Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi barlag prosesi bes edildi we rekord hasaba alynmady.


15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....