Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyklarynyň 2-nji tapgyry geçirildi

  • 11.09.2023 10:01
  • 5.8k+

Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyklarynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Olarda ýetginjek we uly ýaşly çapyksuwarlar özaralarynda bäsleşdiler.

Türkmenistan Habarlar portalynyň habar bermegine görä, nobatdaky tapgyryň ilkinji çapyşygynda Sopyýewiň hojalygyna degişli bolan”Gözelim” atly bedewi ýeňiji boldy.
Ikinji çapyşykda Aşgabat şäher häkimliginiň “Şa Gül” atly bedewi pellehana ilkinji geldi. Üçünji çapyşykda aralyk 1000 metr boldy. Onda Ataýewiň hojalygyna degişli bolan “Hazar” atly bedew üstünlik gazandy. Babalyýewiň “Gözelsen II” atly bedewi dördünji çapyşygyň ýeňijisi boldy.
1400 metr aralyga guralan bäşinji çapyşyk hem gyzykly boldy. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan “Ýylan” atly bedewi birinji orna mynasyp boldy.
Altynjy çapyşykda Gowşanowyň hojalygyna degişli bolan ”Garadepel” atly bedew ýeňiş gazandy.
Ýedinji çapyşykda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap daýhan birleşiginiň “Edermen” atly bedewi ýeňiji bolmagy başardy.
Bellenilen 1800 metr aralygy çalasynlyk bilen geçen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Tamala” aty bedewi sekizinji çapyşykda ýeňiş gazandy.
2200 metr aralyga guralan ýaryşyň 9njy çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Goşa sakar” atly bedewi birinji oruna mynasyp boldy. jemleýji onunjy çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan “Begzada” atly bedewi ýeňiş gazanmagy başardy.


11.06.2026 08:03
3.1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....