Marsda minerallaryň 161 görnüşi tapyldy, Ýerde 6 müň töweregi mineral bar

  • 10.09.2023 16:41
  • 15k+

Karnegi Ylmy institutynyň (ABŞ) alymlary Mars bilen Ýeriň arasyndaky möhüm tapawudy kesgitlediler. Gyzyl planeta minerallara gaty garyp bolup çykdy.

Ýer ýüzünde minerallaryň 6000 töweregi görnüşi bar. Marsda bolsa 50 ýyllyk gözleglerden soň, onuň diňe 161 görnüşi ýüze çykaryldy.
Alymlar planetalaryň taryhynyň ilkinji döwürlerinde Marsda hem-de Ýerde minerallaryň birmeňzeş görnüşde emele gelendigini bellediler. Megerem olar sowap barýan magmadan kristallaşan bolsalar gerek. Gidrotermal işjeňlik hem bu prosese täsir edipdir.
Emma soňra planetalaryň ewolýusiýasy dürli ýollar bilen gidipdir. Gözlegçileriň pikiriçe, minerallaryň döremegi üçin Ýerdäki şertler has amatly bolupdyr: plitalaryň tektonikasy başlapdyr, Marsda duş gelmeýän dürli biologiki prosesler bolup geçipdir diýip,  Journal of Geophysical Research: Planets žurnaly habar berýär.
Şeýlelik bilen, minerallaryň emele gelmeginiň mümkin bolan 57 ýoly kesgitlenildi. Marsda şolaryň diňe 20-si bardy.
Şeýle-de bolsa, alymlar Marsyň üstünde we astynda entek näbelli mineral fazalaryň köp sanlysynyň bolup biljekdigine ynanýarlar. Olara diňe gözegçilik etmek gerek.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....