12-nji sentýabra çenli Ýere 5 sany asteroid golaýlar

  • 08.09.2023 12:25
  • 26k+

12-nji sentýabra çenli bäş sany asteroid Ýere golaýlar. Bu barada Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek agentliginiň (NASA) web sahypasynda habar berildi.

Kosmos agentliginiň habar bermegine görä, öýe deň ululykdaky asteroid 6-njy sentýabrda Ýere örän ýakyn geler. Onuň Ýer togalagyndan 5,11 million km aralykdan geçjekdigi kesgitlenildi.
NASA-nyň belleýşi ýaly, uçaryň we awtobusyň ululygyndaky indiki iki kosmos jisimi 8-nji sentýabrda Ýere golaý geler – olar, degişlilikde, 4,08 million we 5,72 million km aralykdan geçerler. 10-njy sentýabrda uçaryň ululygyndaky ýene iki asteroid planetanyň gapdalyndan geçerler. Olaryň we Ýeriň arasyndaky iň ýakyn uzaklyk, degişlilikde, 1,52 million we 2,66 million km bolar.


22.03.2026 16:34
3.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...