Aşgabat we Bişkek elektrik energiýasyny ibermegiň möçberini ylalaşdylar

  • 07.09.2023 19:44
  • 5.9k+

Gyrgyz Respublikasynyň Energetika ministriniň orunbasary Taalaýbek Baýgaziýew Türkmenistan bilen 2023-2024-nji möwsümde elektrik üpjünçiligi barada ylalaşyk gazanylandygyny, satyn alynýan energiýanyň bahasy barada gepleşikleriň dowam edýändigini habar berdi. Muny Tazabek agentligi ýetirýär.

Resmi wekiliň sözlerine görä, häzirki wagtda Russiýadan elektrik energiýasy getirmek barada hem ylalaşyk gazanyldy, emma Türkmenistan bu serişde bilen respublikany iň köp üpjün ediji bolmagynda galar.
Gyrgyzystan energiýasynyň köp bölegini gidroelektrik stansiýalary arkaly öndürýär, ýöne ýerli suw howdanlarynda suwuň derejesi peselýär, netijede elektrik energiýasynyň önümçiligi kemelýär. Şeýlelik bilen, Toktogul suw howdanynda şu ýyl 1,97 million kub metr suw azaldy.
Türkmenistan birnäçe ýyl ozal Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny eksport edip başlady. Şondan bäri ýurdumyz Gyrgyzystanyň bazaryndaky iň iri üpjün ediji bolmagynda galýar.


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......