Indoneziýa «maýadarlara altyn wizalary» bermäge başlady

  • 04.09.2023 23:04
  • 7.6k+

Daşary ýurt raýatlary we kompaniýalary azyndan 350 000 dollar maýa goýum bilen "altyn wiza" alyp bilerler. Wizanyň şeýle görnüşi bilen ýurtda ýaşamaga berilýän rugsadyň möhleti 10 ýyla çenli artar.

Migrasiýa gullugynyň baş müdiri Silmi Karim ýurduň ykdysadyýetini höweslendirmek maksady bilen, Indoneziýanyň aýry-aýry maýadarlar üçin "altyn wizalar" ulgamyny döredendigini aýtdy. Bäş ýyllyk wiza almak üçin maýa goýujylar 2,5 million dollarlyk kompaniýany döretmeli bolarlar, 10 ýyllyk wiza bolsa 5 million dollar maýa goýumyny talap eder.
Korporatiw maýadarlar 25 million dollardan 50 million dollar aralygynda maýa goýum goýanlarynda Indoneziýada bäş ýyldan 10 ýyla çenli ýaşap bilerler. Ýurtda iş açmak islemeýän daşary ýurt maýadarlary üçin başga şertler hem ulanylýar.
Bäş ýyllyk wiza almak üçin olar Indoneziýanyň ykdysadyýetine 350 000 dollar goýmaly. Munuň üçin döwlet obligasiýalaryny ýa bolmasa jemgyýetçilik kompaniýalarynyň paýnamalaryny satyn almaly, ýa-da ýurduň banklarynda süýşürintgi goýumlary açmaly. Iş açmak niýeti bolmazdan, 10 ýyllyk wiza almak isleýän daşary ýurt raýaty ykdysadyýete 700 000 dollar maýa goýmaly bolar.


24.06.2026 17:10
2.1k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

19.06.2026 19:30
3.7k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

31.05.2026 13:10
8.3k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......