Werstappen yzly-yzyna 10 gezek ýeňiş gazanyp, «Formula-1-iň» rekordyny goýdy

  • 04.09.2023 15:04
  • 4k+

«Red Bull» toparynda çykyş edýän niderlandly sürüji Maks Werstappen yzly-yzyna onunjy ýeňşini gazanyp,«Formula-1-iň» rekordyny goýdy.

Westappen Monsa şäherinde geçirilen Italiýanyň Gran Pri-sinde ýeňiji bolup, rekord goýdy. Ikinji orny «Red Bull-yň» sürüjisi Serhio Peres eýeledi. «Ferrari-den» Karlos Saýns ilkinji üçlügi tamamlady.
Werstappen yzly-yzyna ýeňişleriň sany boýunça 2013-nji ýylda yzly-yzyna dokuz gezek Gran Pri-ni gazanan Sebastýan Fettelden öňe geçdi.
«Red Bull» öňki rekordyny täzeläp, yzly-yzyna 15 Gran Pri gazandy.
Werstappen öň «Forbes» žurnalynyň dünýäde iň köp girdeji gazanan 25 ýaşa ýetmedik bäş türgeniň sanawynda üçünji orny eýeläpdi. Neşiriň habar bermegine görä, 25 ýaşly sürüji türgen ýylda 60 million dollar gazanýar.


26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....