Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 02.09.2023 08:41
  • 8.2k+

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy.

Iri sport guramasynyň ýolbaşçysy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň enjamlaşdyrylyşy, onda bilim almak, türgenleşik geçmek üçin döredilen şertlere ýokary baha berdi.
Duşuşygyň barşynda Russiýanyň Atly sport federasiýasy bilen türkmen atşynaslarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi we Türkmenistan bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlary goldamaga taýýardyr.
Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina Seçina sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýasy bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......