Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýar

  • 30.08.2023 14:39
  • 3.4k+

29-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin ÝB-niň ilçisine hoşallyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, ikitaraplaýyn görnüşde we "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" formatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli özara gatnaşyklar barada nygtaldy.
Bu nukdaýnazardan diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Adam hukuklary, parlamentara gepleşikler we "Ýewropa Bileleşigi - Türkmenistan" Bilelikdäki toparyň mejlisiniň çäklerinde yzygiderli çäreleriň möhüm ähmiýeti bellenildi. Bilelikdäki bilim we alyş-çalyş taslamalaryny hem-de maksatnamalaryny (Erazmus +) durmuşa geçirmegiň gidişi, ekologiýa we “ýaşyl” özgerişler babatynda gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......