Türkiýe gelip-gidýänleriň sany boýunça rekordy täzeledi

  • 29.08.2023 15:12
  • 14k+

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýedi aýynda Türkiýä baran 26 mln 766 müň 240 syýahatçy daşary ýurtly, 3 mln 327 müň 206 syýahatçy bolsa daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlardy. Ýanwar – iýul aýlarynda Türkiýä gelen daşary ýurtlularyň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,22% artdy. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.

Ýurduň myhmanlarynyň köpüsi, esasan, Russiýa Federasiýasyndan geldi. Bu ýurtdan baranlaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 59,22% artyp, 3 mln 498 müň 614 adam boldy. Ikinji orny Germaniýa, üçünji orny Angliýa eýeleýär. Bu ýurtlaryň yzyndan Bolgariýa we Eýran gelýär.
Bu döwürde Türkiýä 30 mln 93 müň 446 syýahatçy bardy, bu hem 2019-njy ýyldaky 26 mln 524 müň adam görkezijisinden geçip, täze rekord goýdy. Iýul aýynda ýurda 7,1 mln daşary ýurtly geldi.
Iýul aýynda daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 7,25 ýokarlanyp, 7 mln 148 müň 44 adam boldy. Iýul aýynda syýahatçylaryň sany boýunça, ýurtlaryň reýtinginde birinji orny Germaniýa eýeledi. Ikinji orny Russiýa Federasiýasy, üçünji orny Angliýa eýeledi. Bäşligi Polşa we Bolgariýa jemleýär.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......