Russiýanyň häzirki zaman taryhynda ilkinji Aý missiýasy şowsuz boldy. Megerem, “Luna-25” Aýyň üstüne gaçdy

  • 21.08.2023 15:55
  • 21k+

"Luna-25" planetaara awtomatiki stansiýasy Aýyň üstüne gaçmak bilen "ýitirim boldy". Bu barada 20-nji awgustda Roskosmosda habar berildi.

Döwlet korporasiýasy 19-njy awgustda deslapky orbita geçiş döwründe “adatdan daşary ýagdaýyň” bolandygyny aýtdy. Ertesi gün Roskosmos apparat bilen aragatnaşygyň ýitendigini habar berdi. Korporasiýanyň hünärmenleri stansiýany tapyp we onuň bilen aragatnaşygy ýola goýup bilmediler. Hünärmenler enjam "hasaba alynmadyk orbita" girip, Ýeriň tebigy hemrasynyň üstünde heläkçilige uçrandyr diýip çaklaýarlar.
“Luna-25” -iň uçurylmagy häzirki Russiýanyň taryhynda ilkinji Aý missiýasy boldy. Stansiýa 11-nji awgustda Amur oblastyndaky Wostoçnyý kosmodromyndan badalga berildi. Ol 21-nji awgustda Aýyň üstüne gonmalydy. Öňki stansiýa “Luna-24” 1976-njy ýylda Sowet Soýuzy tarapyndan goýberilipdi. Rus enjamy Aýa ýumşak gonmalydy, soňra hemranyň günorta polýara golaý sebitinde gözleg geçirmelidi, şol sanda suw çeşmelerini gözlemelidi.
Missiýa wagtynda stansiýa birnäçe suraty, şol sanda Aýyň aňry ýüzündäki Zeeman günorta polýar krateriniň suratyny we ylmy maglumatlary ibermäge ýetişdi. Hususan-da, “Luna-25”-iň gurallary mikrometeoritiň Aýa urlan pursadyny ýazga etdiler.
Missiýa şowly bolan ýagdaýynda “Luna 25” Hindistanyň “Çandraýan 3” missiýasyndan öňürdip, Aýyň günorta polýusynda ilkinji stansiýa bolmalydy. Hindistan 14-nji iýulda üçünji kosmos gämisini uçurdy. Missiýanyň bir bölegi hökmünde, ol Ýeriň hemrasynyň günorta polýusyny hem öwrenmeli. 19-njy awgustda Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) “Çandraýan-3”-iň “Wikram” atly gonuş modulynyň Aýyň orbitasynda pessaýlamak üçin iň soňky çäräni tamamlandygyny we gonmaga taýynlyk görendigini habar berdi. Bu 23-nji awgustda amala aşar diýip garaşylýar. Üstünlikli bolsa, Hindistan SSSR-den, ABŞ-dan we Hytaýdan soň Aýda kosmos gämisini gonduran dördünji ýurt bolar.


düýn 10:55
1.5k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

07.06.2026 19:54
2.2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

30.05.2026 20:46
2.6k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....