Indoneziýada Omoda 5 elektrik krossoweri tanyşdyryldy

  • 21.08.2023 12:41
  • 11k+

Indoneziýada geçirilen «GIIAS 2023» awtoulag sergisinde «Chery» kompaniýasynyň «Omoda 5 EV» elektrik krossoweri tanyşdyryldy. Bu barada gazeta.ru «Hytaý awtoulaglary» portalyna salgylanyp habar berýär.

«Omoda 5 EV-iň» dizaýny şu ýylyň ýazynda Şanhaýda geçirilen awtoulag sergisinde ilkinji gezek tanyşdyrylan kysyma gabat gelýär. Awtoulag 221 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi bilen hereket edýär. Awtoulag sagatda 100 km/sagat tizlige 7,8 sekuntda ýetmäge, batareýanyň doly zarýadynda iň uzak 450 km aralygy geçmäge ukyplydyr. Çalt zarýad beriş portunyň bolmagy akkumulýatory 35 minutda 30% -den 80% -e çenli doldurmaga mümkinçilik berýär.
Täze elektrik awtoulagy özünde sanly gural panelini we multimediýa ekranyny jemleýän 24,6 dýuýmlyk egri ekran, salonyň yşyklandyryş ulgamy, sürüjiniň ýagdaýyna gözegçilik ulgamy, «Qualcomm Snapdragon 8155» prosessory we ulagyň batareýasyndan hojalyk tehnikalary ýaly beýleki enjamlary işletmäge mümkinçilik berýän «V2L» ulgamy bilen üpjün edilendir.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......