Jo Baýden Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlaryny ABŞ-da geçiriljek sammite çagyrdy

  • 20.08.2023 23:08
  • 23k+

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlaryny sentýabryň ikinji ýarymynda geçiriljek C5 + 1 görnüşindäki ilkinji sammite çagyrdy. Bu barada Baýdeniň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewa ýazan hatynda aýdylýar.

“19-njy ýa-da 20-nji sentýabrda meniň we beýleki ýolbaşçylaryň arasynda C5 + 1 formatynda geçiriljek resmi ýygnaga goşulyp, howpsuzlyk, ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak boýunça umumy maksatlarymyzy mundan beýläk-de nähili  ösdürmelidigimizi ara alyp maslahatlaşarsyňyz diýip umyt edýärin” – diýip,  Uzdaily ABŞ-nyň prezidentiniň çakylygynyň sözlerini getirýär.

Merkezi Aziýanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentleriniň duşuşygy (CA5 + 1) BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde meýilleşdirilýär diýip hatda takyklanýar.


şu gün 16:30
352

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
593

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......