Kia Tasman pikapynyň çykjak senesi mälim edildi

  • 17.08.2023 08:45
  • 9.8k+

Täze «Kia Tasman» kysymly pikap ulagynyň önümçiligi 2025-nji ýylda Günorta Koreýada başlanar diýip, gazeta.ru Motor1.com saýtyna salgylanyp habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, bu awtoulag goşa kabinaly bäş orunlyk pikap bolar, onuň göterijilik ukyby bir tonna deňdir we ol ýokary ýol yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün ediler. Awtoulaglaryň synagy şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanar, olary satuwy bolsa tanyşdyrylyşynyň yzysüre, indiki ýylyň ortasynda başlanar.
Bazara baglylykda, awtoulag ýangyç hereketlendirijisi ýa-da elektrik motory bilen hödürlener. Hereketlendirijileriniň güýji heniz belli däl.


09.05.2026 12:43
3.4k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....