Mör-möjeklere garşy tebigy serişde tapyldy

  • 16.08.2023 11:26
  • 17k+

Amerikan himiýa jemgyýetiniň (ACS) alymlary aloeniň insektisid häsiýetleriniň bardygyny anykladylar. Barlaglaryň netijeleri ACS assosiasiýasynyň agzalarynyň her ýylda geçirilýän ýygnagynda tanyşdyrylar.

Barlagyň awtorlary ösümligiň ýapraklaryny we baldaklaryny gözden geçirdiler. Olarda çybynlary we beýleki mör-möjekleri ürküzip biljek alty maddanyň bardygy ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda oktakozanyň molekulalary, şeýle hem nonadekonon, arjugenin, dinoterb, 2-geksil-1-dekanol we kwil kislotasy bar.
Bu maddalar aloe şiresinden taýýarlanylýan kosmetika önümçiliginiň galyndylaryndan döredilen zyýansyz pestisidleriň esasyny düzüp biler. Şeýlelik bilen, alymlar birbada iki meseläni çözýärler: ösümliklere esaslanýan önümçilik galyndysyz we has arzan bolar, mör-möjeklere garşy serişdeler bolsa ekoulgama we adamyň saglygyna howp salmaz.
Alymlar geljekde bu maddalaryň oba hojalygynda zyýankeşlere garşy hakyky meýdanlarda näderejede täsirlidigini barlarlar. Mundan başga-da, awtorlar aloeni tagtabitlerine garşy göreşde ulanmagyň mümkinçiligini barlamak isleýärler.


düýn 17:05
5.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.3k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......