Hytaý ýylyň ahyryna çenli awtoulaglaryň esasy eksportçysy bolar

  • 16.08.2023 11:23
  • 19k+

Hytaý Ýaponiýadan öňe geçip, ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly awtoulag eksportçysy bolar diýip, Moody’s Analytics agentligi habar berýär. Muny runews24.ru ýetirýär.

Ikinji çärýegiň ahyryna çenli Hytaý bilen Ýaponiýanyň eksportynyň arasyndaky tapawut aýda 70 müň awtoulaga çenli azaldy, bir ýyl ozal bu tapawut 171 000 awtoulaga deňdi. 2021-nji ýylda Hytaý üpjünçiligiň göwrümi boýunça Günorta Koreýadan öňe geçdi, geçen ýyl bolsa Germaniýadan öňe geçip, ikinji uly eksportçy boldy.
HHR-den awtoulag eksporty elektrokarlara bolan islegiň artmagy netijesinde pandemiýadan öňki görkezijilerden ýokary boldy. 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýyň girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse ýokarlandy. Hytaýyň awtoulag pudagynyň artykmaçlygy elektromobilleri öndürmek üçin çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýän litiý ion akkumulýator batareýalaryny öndürmekdedir.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....