Lamborghini elektrikli sport ulagyny çykarar

  • 10.08.2023 13:14
  • 14k+

Italiýanyň sport awtoulaglaryny öndüriji «Lamborghini» kompaniýasy Kaliforniýada täze konsept ulagyny tanyşdyrar. Bu barada insideevs.com saýty habar berýär.

Täze ulagyň ady gizlin saklanýar. Çeşmede bellenmegine görä, ol 16-njy awgustda geçiriljek dünýäniň iň täze awtoulag nusgalary tanyşdyrylýan «Monterey Car Week» çäresinde ilkinji gezek görkeziler. Häzirlikçe, bu elektrikli konsept ulagyň keşbi we hereketlendirijisiniň aýratynlyklary mälim edilmedi.
Kompaniýanyň baş direktory Stefan Winkelmannyň bellemegine görä, täze elektrikli «Lamborghini-niň» binýadynda «Volkswagen Group» tarapyndan işlenilip düzülen platforma ornaşdyrylar. Bu ulgam geljekde «Bentley» we «Porsche» ulaglarynda hem peýdalanylar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......