TNGIZT-niň hünär-tehniki okuw mekdebi dalaşgärleri talyplyga kabul edýär

  • 10.08.2023 12:00
  • 15k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebi 2023-2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Buhgalterçilik işi – 1,5 ýyl
  2. Nebiti gaýtadan işlemegiň operatory – 1 ýyl
  3. Himiki derňewiň laboranty – 1 ýyl
  4. Myhmanhana administratory – 1 ýyl
  5. Hatyr operatory – 1 ýyl
  6. Elektromontýor – 1 ýyl
  7. Aragatnaşyk operatory – 1 ýyl
  8. Barlag ölçeg enjamlary we awtomatika boýunça slesar – 1 ýyl
  9. Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi – 1 ýyl
  10. Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa – 1,5 ýyl

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwlaryň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebinde 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • Bellenen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • Umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • Bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüminden) häsiýetnama;
  • 3x4 möçberindäki 6 sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýäler we nusgalaryny tabşyrýarlar.

  • Pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
  • Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 25-26-sy günlerinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça taryh, himiýa we fizika derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglaryň tertibine bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaga goýberilmeýär.


Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw merdebinde 6 (alty) okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

  1. Zynjyrly we tigirli kranyň maşinisti – 6 aý
  2. Awtowyşkanyň we awtogidrogöterijiniň maşinisti – 6 aý
  3. Awtomobil kranyň maşinisti – 5 aý
  4. Nasos (sorujy) enjamlaryň maşinisti – 5 aý
  5. Tokar – 5 aý
  6. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji – 4 aý
  7. Aşpez-konditer – 4 aý
  8. Kompýuter operatory – 3 aý
  9. Awtoýükleýjiniň maşinisti – 3 aý
  10. Gurluşyk – gurnama işleri boýunça slesar – 3 aý
  11. Atanaklaýyn (çatymlaýyn) kranyň maşinisti – 3 aý
  12. Elektromontýor 1000w çenli – 3 aý
  13. Ýük ýüklemekde we düşürmekde daňyjy-berkidiji – 2 aý
  14. Gurşaw basgançaklaryny gurnaýjy – 2 aý
  15. Gazançy – 2 aý

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
  • pasportynyň göçürmesi;
  • bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
  • 3x4 ölçegindäki 2 sany fotosurat:

Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurumlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünar derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.

TNGIZT-niň hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenbaşy ş. Asudalyk köçesiniň 40-njy jaýy.
Tel: +993 (243) 5-87-54, +99364852204


düýn 16:51
1.9k+

Türkmenistandan «Oguzrobot» topary Hytaýda geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy

Türkmen okuwçylary 2026-njy ýylyň 10 — 13-nji fewraly aralygynda Astana şäherinde geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça çempionatyň sebit tapgyrynda uly üstünlik gazandy. Aşgabat şäheriniň...

düýn 15:43
1.7k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ÝUNISEF-iň wekili bilen duşuşyk geçirildi

17-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bu edaranyň ýolbaşçysy J. Gurbangeldiýew bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk boldy. Bu barada Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 14:11
1.3k+

Türkmen okuwçylary Dubaýda geçirilen robototehnika bäsleşiginde 12 medal gazandy

14-nji fewraldan 16-njy fewral aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen «IWISE Global Final 2026» halkara robototehnika bäsleşiginde türkmen okuwçylary 12 sany medal gazanmagy başardy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 400-den gowrak ýaş innowatoryň gatnaşan bu ýaryşynda Türkmenistanyň topary ýokary netijeleri görkezdi...

16.02.2026 20:13
1.6k+

Türkmenistanda ösümlikleri goramak boýunça birinji internet ders bäsleşigi geçiriler

Türkmen oba hojalyk instituty agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasy tarapyndan guralýan ösümlikleri goramak boýunça I internet ders bäsleşiginiň geçiriljekdigini yglan etdi. Bäsleşik 10-njy aprelde şahsy görnüşde bolar...