2023-nji ýylyň iýuly howa gözegçiligiň tutuş taryhynda iň yssy aý boldy

  • 10.08.2023 09:01
  • 8.7k+

2023-nji ýylyň iýuly Ýer ýüzünde howa gözgeçilikleriň taryhynda iň yssy aýyň rekordyny täzeledi. Bu aý şu wagta çenli şeýle rekordy goýan 2019-njy ýylyň iýul aýyndan 0,33° C yssy boldy. Bu barada sişenbe güni Ýewropanyň howanyň üýtgemegine gözegçilik edýän Copernicus gullugy habar berdi.

Geçen aý 1991-2020-nji ýyllaryň iýul aýynyň ortaça derejesinden 0,72° C yssy boldy.
Ondanam has aňyrrakky ýyllara göz aýlasak, hünärmenleriň baha bermegine görä, üstümizdäki ýylyň yssy iýuly 1850-1900-nji ýyllaryňkydan ortaça 1,5° C yssy  bolupdyr.
Demirgazyk ýarym şaryň köp sebitinde, şol sanda günorta Ýewropada ýylylyk tolkunlary ýüze çykypdyr diýip, Copernicus belleýär.
Günorta Amerikanyň we Antarktidanyň köp ýurtlarynda howanyň temperaturasy ortaça derejeden has ýokary boldy.


25.06.2026 19:11
5.4k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

25.06.2026 14:59
7.2k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

18.06.2026 09:51
3k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......