Niderlandlaryň ilçisi Andre Karstens Türkmenistanda öz işini tamamlaýar

  • 09.08.2023 10:46
  • 8.1k+

8-nji awgustda Türkmenistanda öz işini tamamlaýan Niderlandlaryň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andre Karstens Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy diplomata türkmen-niderlandlar gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan şahsy goşandy üçin hoşallygyny bildirdi.
Gepleşikleriň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp gün tertibi, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşdäki we halkara düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy.
Taraplar söwda, ykdysadyýet, energetika, ekologiýa, oba hojalygy pudaklarynda, şeýle-de medeni-ynsanperwer hem bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini nygtadylar.
Niderlandlaryň ilçisi, öz gezeginde, Türkmenistandaky diplomatik işini amala aşyrmakda hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......