«Çandraýan-3» hindi kosmiki gämisi Aýa çenli aralygyň ýarysyndan gowragyny geçdi

  • 06.08.2023 17:44
  • 9.1k+

«Çandraýan-3» hindi awtomatiki Aý stansiýasy Aý bilen aralygyň üçden iki bölegini geçdi we 5-nji awgust agşam Aýyň orbitasyna girdi. Bu barada Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) habar berdi.

"Kosmos gämisi Aýa çenli aralygyň üçden iki bölegini geçdi. 2023-nji ýylyň 5-nji awgustynda, Hindistanyň wagty bilen sagat 19:00-da Aýyň orbitasyna girmek (LOI) meýilleşdirilýär" – diýip, ISRO-nyň X (öňki Twitter) sosial ulgamynda ýerleşdirilen habarynda aýdylýar.

Ondan öň kosmos gämisi Ýeriň töweregine aýlanmagy üstünlikli tamamlap, Aýyň orbitasyna girdi.
«Çandraýan-3» Aý missiýasy 14-nji iýulda başlandy. 23-24-nji awgustda onuň Ýeriň hemrasyna gonmagyna garaşylýar. Bu missiýa üstünlikli dowam etse, Hindistan Aýda kosmos gämisini gonduran dördünji ýurt bolar (SSSR-den, ABŞ-dan we Hytaýdan soň).


16.09.2025 19:57
6.5k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy...

31.07.2025 13:44
4.3k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär...

26.07.2025 11:59
2.9k+

NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär...

27.06.2025 18:11
5.7k+

Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek Hindistandan, Polşadan we Wengriýadan astronawtlar bardy

26-njy iýunda SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli birikdi. Uçuş Axiom Space amerikan kompaniýasynyň Ax-4 («Aksiom-4») hususy missiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy...