Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär.
Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy. Boeing 787-8 Ahmadabatdan uçandan 30 sekuntdan soň aşak gaçdy, 241 adam heläk boldy, diňe bir ýolagçy diri galdy.
Täze oýlap tapyşyň awtorlary Dubaýdaky Birla tehnologiýa we ylym institutyndan inženerler Eşel Wasim we Dharsan Şriniwasan boldy. Olaryň emeli aňa esaslanýan ulgamy beýikligi, tizligi, hereketlendirijiniň ýagdaýyny we uçaryň hereketini yzarlaýar. Eger müň metrden aşak belentlikde heläkçilik gutulgysyz bolsa, ýassyklar birnäçe sekuntda awtomatik taýdan açylýar we uçary örtüp, aşak gaçyşy asuda gonuşa öwürýär.
Pikir eýýäm abraýly Jeýms Daýson baýragynyň finalyna çykdy. Bu ýerde dünýäni üýtgedip biljek taslamalara baha berilýär. Işläp düzüjiler aerodinamiki turbalarda üstünlikli synaglardan soň, “akylly ýassyklary” täze we eýýäm ulanylýan uçarlara gurnap boljakdygyny nygtaýar.
Bellenilişi ýaly, howa heläkçilikleriniň statistikasy soňky ýyllarda oňyn dinamikany görkezýär: 2025-nji ýylyň ýanwarynda bir ýyl ozalky 58 we 2023-nji ýyldaky 70 hadysa bilen deňeşdirilende, 52 betbagtçylyk hasaba alyndy diýip, BBC habar berýär. Gatnawlaryň sanynyň artýandygyna garamazdan, heläkçilikler azalýar.
Şeýle-de bolsa, pidalaryň sany häzirem howsala döredýär. Daily Mail-iň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýyl 2018-nji ýyldan bäri iň pajygaly ýyl boldy – awiaheläkçilikde 318 adam heläk boldy. 2025-nji ýylda ölenleriň sany birnäçe aýyň içinde ýüzden geçdi.
Dünýäde her gün 106 müň töweregi täjirçilik gatnawy (OAG) amala aşyrylýar. Halkara howa transport assosiasiýasy (IATA) 1,26 million uçuşa ortaça bir heläkçiligiň düşýändigini belleýär.
Lester Uniwersitetinden doktor Bennettiň düşündirişi ýaly, heläkçiligiň esasy sebäpleri öňküligine galýar: tehniki näsazlyklar, ýaramaz howa we adam faktory. Ol inženerleriň ýadawlykdan ýalňyşlyk goýberip bilýändigini, uçarmanyň bolsa bir zat tersine giden ýagdaýynda soňky “gorag liniýasydygyny” belleýär.
Şol bir wagtyň özünde, uçar transportyň iň howpsuz görnüşi bolmagynda galýar. 2018-2022-nji ýyllarda howa heläkçiliklerinde heläk bolmak töwekgelçiligi 14 million gatnawdan 1-e deňdi. Ýol-ulag hadysalarynyň pidasy bolmak töwekgelçiligi has ýokary. Hünärmenler uçuşdan öňki gorkynyň, esasan, hakyky howp bilen däl-de, kabul ediş bilen baglanyşyklydygyny belleýär: ýolagçylaryň howsalalaryny heläkçilik baradaky media reportažlary, bortda gözegçiligiň bolmazlygy we belentlikden tebigy gorky güýçlendirýär.