NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

  • 26.07.2025 11:59
  • 3.1k+

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär.

Enjam L- we S-diapazonly radarlar bilen enjamlaşdyrylan dünýäde ilkinji hemra bolar. Ol 5-10 metr durulykda ýer we buz massiwleriniň relýefini kartalaşdyrar.
NISAR gury ýeri we buzluklary her 12 günden iki gezek diýen ýaly skanirlemäge ukyply. Bu oňa ekoulgamlardaky üýtgeşmeleri, buz gatlaklarynyň we deňiz buzlarynyň galňaýşyny we ereýşini, şeýle hem ýer gabygynyň tektoniki deformasiýalaryny yzarlamaga mümkinçilik berer.
Hemra tarapyndan toplanan maglumatlar oba hojalygyna we infrastruktura gözegçilik etmek, şeýle hem tebigy betbagtçylyklara çalt garşy durmak üçin ulanmak meýilleşdirilýär.
Enjamy döretmegiň bahasy takmynan 1,5 milliard dollar bolup, bu ony Ýeri uzak aralykdan  synlamagyň iň gymmat hemralaryň birine öwürýär.


şu gün 10:51
279

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.6k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....