Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

  • 31.07.2025 13:44
  • 4.5k+

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär.

Roboty ibermek 2027-nji ýylyň martynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän ekipažly “Gaganýan” missiýasyna taýýarlygyň bir bölegi bolar.
Uçuşyň dowamynda zenan keşbi bilen döredilen Wiommitra atly robot gäminiň esasy ulgamlaryny, şol sanda ýaşaýyş üpjünçilik ulgamyny we uçuşyň dolandyrylyşyny barlar. Naraýananyň habar bermegine görä, 2026-njy ýylda ýene iki uçarmansyz uçuş meýilleşdirilýär.
“Gaganýan” taslamasy 2018-nji ýylda Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi tarapyndan yglan edildi. Ilkibaşda ekipažly uçuş 2022-nji ýyla meýilleşdirildi, ýöne COVID-19 pandemiýasy we beýleki sebäpler bilen soňa goýuldy.
Missiýa üçin niýetlenen kosmos enjamy ISRO tarapyndan döredildi. Ol üç adamdan ybarat ekipaža niýetlenýär. Uçuş üstünlikli bolan ýagdaýynda Hindistan Russiýadan, ABŞ-dan we Hytaýdan soň kosmosa özbaşdak ekipažly uçuşy amala aşyran dördünji döwlet bolup biler. 


şu gün 10:51
279

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.6k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......