Hindistan Delini tüsseden arassalamak üçin emeli ýagyş ýagdyrmaga taýýarlanýar

  • 26.10.2025 09:27
  • 10k+

Hindi häkimiýeti emeli aňyň kömegi bilen Delidäki tüssä garşy göreşmek meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Şäher häkimiýetiniň başlygy Rekha Guptanyň habar bermegine görä, 23-nji oktýabrda tehnologiýanyň synaglary üstünlikli geçirildi, indi bolsa hünärmenler 28 – 30-njy oktýabrda bulut “ekişi” boýunça synagy geçirmäge taýýarlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, meýilnamalara howa şertleri täsir edip biler.
Deli howanyň hapalanma derejesi iň ýokary bolan şäherleriň hataryna girýär. Oktýabryň ahyrynda, hususan-da, Diwali baýramçylygynda petardanyň köpçülikleýin ulanylmagy tüssäni güýçlendirenden soň, görkezijiler saglyk üçin howply derejelere ýetdi.
The Indian Express neşiriniň maglumatlaryna görä, synag wagty hünärmenler Kekra we Burari sebitleriniň arasynda dört sagatlyk uçuşy amala aşyryp, kümüş ýodidi we natriý hloridi bilen pirotehniki zarýadlary sepdi. Bu maddalar buz kristallarynyň emele gelmegine kömek edip, ygalyň ýagmagyna sebäp bolýar.
Ekologiýa ministri Manjinder Singh Sirsa emeli ýagyş ýagdyrmak synagyny diňe tebigy bulutlar bolan ýagdaýynda geçirip bolýandygyny belledi.
Emeli ýagyş tehnologiýasy ygal mukdaryny artdyrmak üçin köp ýurtlarda ulanylýar. Bulutlara çyglylygyň suwuk hala geçip, ýagyş damjalaryna öwrülmegine kömek edýän bölejikler goşulýar. Hindistanyň häkimiýeti bu usulyň paýtagtda howanyň hapalanma derejesini wagtlaýyn peseltmäge kömek etjekdigine umyt edýär. 


17.03.2026 20:58
6k+

Amerikaly alymlar 1993-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän aşa ýokary geçirijilik rekordyny täzelediler

Hýuston uniwersitetiniň barlagçylary gaty jisimleriň fizikasy ugrunda täze üstünlik gazanandyklaryny mälim etdiler. Alymlar atmosfera basyşynda we minus 122 gradus Selsiý temperaturada elektrik toguny ýitgisiz geçirmäge ukyply bolan aşa ýokary geçiriji material döretdiler...

04.03.2026 16:01
1.1k+

Alymlar metandan dermanlyk madda almagy öwrendiler

Alymlar metany derman öndürmekde ulanyp boljak çylşyrymly himiki maddalara öwürmegiň täze usulyny işläp düzdüler. Bu baradaky barlag Science Advances žurnalynda çap edildi. Taslamanyň esasy üstünligi – taryhda ilkinji gezek metandan gönüden-göni dimestrol maddasynyň alynmagydyr...

18.02.2026 07:37
7.7k+

Balykçylygyň gadagan edilmegi Ýanszy derýasynda 70 ýylda ilkinji gezek balyklaryň köpelmegine getirdi

Science žurnalynda Hytaýda geçirilen giň gerimli ekologik barlagyň netijeleri çap edildi. Onda alymlar 2021-nji ýylda Ýanszy derýasynyň howzunda täjirçilik maksatly balyk tutmaga girizilen on ýyllyk moratoriýanyň netijelerine baha berdiler...

14.02.2026 14:15
3.1k+

Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy

Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip  biler...