Ýaponiýada geçiriljek Expo-2025-e gatnaşyjylara ýerli gurluşykçylara maýa goýmak teklip edildi

  • 05.08.2023 11:45
  • 11k+

2025-nji ýylyň Osakada geçiriljek Bütindünýä sergisi üçin pawilýonlaryň gurluşygyny çaltlaşdyrmak meýilnamasy bu çäräni guraýan ýapon assosiasiýasy tarapyndan teklip edildi. Bu barada NHK teleýaýlymy habar berýär diýip, rossaprimavera.ru belleýär.

Serginiň 2025-nji ýylyň aprel aýynda açylmagy göz öňünde tutulýar, ýöne gurluşyk prosesi eýýäm meýilnamadan yza galdy. Halkara subýektleriniň 153 wekiliniň forumyň meýdançalarynda öz pawilýonlaryny gurmagyna ýa-da guramaçylaryň taýýar çözgütlerini ulanmagyna garaşylypdy.
Ýöne gurluşyk prosesi käbir ýagdaýlarda meýilnamadan yza galýar. Şunuň bilen baglylykda, guramaçylar şeýle pawilýonlary gurmak işini beýleki ýurtlara geçirmegi teklip etdiler. Ýagny, gatnaşyjylaryň ähli çykdajylary öz üstüne almagy we şol bir wagtyň özünde obýektleriniň hem daşarky, hem içerki dizaýnyna gözegçilik etmegi göz öňünde tutulýar.
Habar berlişi ýaly, şeýle meýilnama bilen 50-den gowrak gatnaşyjy razylaşdy, ýöne häzirlikçe diňe Günorta Koreýa zerur resminamalary berdi.
Bellenilişi ýaly, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ýasutosi Nisimura işgärleri bilen duşuşygynda serginiň daşary ýurtly gatnaşyjylary bilen ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda degişli şertnamalary baglaşmak prosesini çaltlaşdyrmagy tabşyrdy.
Ýaponiýaly telekeçilere goşmaça goldaw bermek üçin ministrlik degişli şertnamalary baglaşmagy ýeňilleşdirjek ätiýaçlandyryş ulgamyny girizýär. Bu ulgam sergä gatnaşyjy tölemedik ýagdaýynda gurluşyk kompaniýasynyň çekjek ýitgisiniň köp bölegini ýa-da ählisini ýapmalydyr.
Ýatlap geçsek, Osakadaky Expo-2025 sergisi üçin pawilýonlaryň gurluşygy bilen bagly mesele Ýaponiýanyň öz pawilýonynda hem ýüze çykdy. Hökümet söwdanyň dowamynda desgany gurjak potratçyny tapyp bilmedi – ähli dalaşgärler has ýokary bahany teklip etdiler.
Ýaponiýanyň pawilýonynyň gurluşygy 12-nji iýunda başlap, 19 aý dowam etmelidi. Gurluşygyň gijä galmak ähtimallygy sebäpli hökümet täze söwda işine başlamagyň deregine işi tamamlamagy borçlandyrýan şertnama gol çekdi.
Şeýle mesele bilen ýüzbe-ýüz bolan beýleki sergä gatnaşyjylar ýa-ha bahany ýokarlandyrdylar, ýa-da öz desgalarynyň dizaýnyny ýönekeýleşdirdiler.


26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......