Formula E ýaryşynda ýapyk binada awtoulagyň tizlik rekordy goýuldy

  • 01.08.2023 17:42
  • 7.8k+

Formula E açyk tekerlerde awtoulag çempionatynyň guramaçylary Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan bellige alnan ýapyk binada täze tizlik rekordynyň goýlandygyny yglan etdiler. Serianyň iki  piloty ýeňiş üçin göreşdi we ilkinji gezek ýörite taýýarlanan awtoulagy dolandyrmaly boldular. Ikisi-de türgenleşik wagtynda öňki çempiondan ep-esli öňde barýardy, iň gowy görkeziji sagatda 218,71 km boldy.

Ýaryşlar şu hepdäniň ahyrynda häzirki “Elektroformula” möwsüminiň soňky tapgyry geçiriljek Beýik Britaniýanyň paýtagtyndaky ExCeL London sergi merkeziniň çäginde geçirildi. 2,09 kilometrlik täsin ýol binanyň içinden bölekleýin geçýär. Bäsleşige gatnaşyjylar Jeýk Hýuz (McLaren) bilen Lukas di Grassi (Mahindra Racing) 346 metrlik tekiz ýolda,  üstesine, sagatda 40 km tizlik bilen 130 gradusly öwrümi geçmek bilen, kowuşdylar.
Sürüjiler Formula E -niň saýlama ýaryşlarynda ulanylýan duel görnüşinde bäsleşdiler. Jeýk Hýuz ilkinji türgenleşik mahalynda sagatda 214,8 km tizlik bilen resmi däl rekord eýesi boldy. Soňra bolsa netijesini iki gezek (215.05 we 217,65 km) gowulandyrdy we ýeke-täk resmi synanyşykda sagatda 218,71 km netijäni görkezip, munuň üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.


12.05.2026 14:52
2.1k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...