Toyota Motor ýylyň birinji ýarymynda dünýäde rekord mukdarda ulag öndürdi

  • 29.07.2023 11:31
  • 29k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor awtoulag kärhanasy 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda 5,6 milliondan gowrak awtoulag öndürdi we bu agzalan döwürde kompaniýa üçin rekord görkeziji boldy.

Konsern öz beýanatynda, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Daihatsu we Hino ýaly markalary hem öz içine alýan konserniň önümçiliginiň 10,3 göterim ýokarlandygyny belleýär. Neşir edilen maglumatlardan görnüşi ýaly, Toyota (12,1%) markasynda önümçiligiň ep-esli ýokarlanmagy bellendi, Daihatsu we Hino awtoulaglarynyň önümçiligi, 2022-nji ýylyň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende, birneme 0,5% we 1,3% azaldy.
Şol bir wagtyň özünde, Toyota Motor-yň görkezilen döwürde Ýaponiýanyň içinde öndürýän umumy önümçiligi 20,6 göterim, daşynda bolsa 4,9 göterim ýokarlandy.
Bütin dünýäde ýapon konserni 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda 5,4 milliondan gowrak awtoulag satdy. Şol bir wagtyň özünde awtoulaglaryň köpüsi (4,2 milliondan gowragy) Ýaponiýanyň daşynda satyldy. Dört ýyl bäri ýapon konserniniň bu görkeziji boýunça, ABŞ-nyň we Ýewropanyň konsernlerinden ozduryp, dünýäde birinji orny eýeleýändigini bellemelidiris.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......