Alymlar plastigi ýok etmäge ukyply mikroorganizmi tapdylar

  • 28.07.2023 14:12
  • 24k+

Ak çüýrüntgi kömelegi fermentleriniň kömegi bilen lignini – agaça çeýelik berýän örän berk organiki polimeri dargadyp bilýär. Alymlar  barlag geçirmek üçin bu kömelegiň 50 nusgasyny aldylar we olary iki topara böldüler. Birinji topary pes dykyzlykly polietilenli gurluşda, beýleki topary bolsa agaç gyryndysy bilen plastik garylan gurluşda ýerleşdirdiler. 45 günden soň iki topardaky kömelekleriň hem polietileni dargadandygyny ýüze çykaryldy. Bu barada mail.ru habar berýär.

Alymlaryň bellemeklerine görä, ak çüýrüntgi kömelegi agaçlarda bolşy ýaly, plastigi hem dargatmak üçin okislendiriji fermentden peýdalanýar. Emma şeýle plastik gaýtadan işlenilende nähili prosesiň bolup geçýändigi heniz mälim däl. Alymlar indiki işlerinde kömelekleriň dürli şertlerde nähili diri galýandyklaryny öwrenmegi maksat edinýärler.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......