Osakada geçmeli Expo 2025 sergisi yza süýşürilip bilner

  • 28.07.2023 13:56
  • 4.7k+

2025-nji ýylda Osakada geçirmek meýilleşdirilen Expo-2025 Bütindünýä sergisi daşary ýurtlaryň pawilionlarynyň gurluşygynyň dowamly gijikdirilýändigi sebäpli yza süýşürilip bilner. Bu pikiri Ýaponiýanyň Gurluşyk senagaty birleşiginiň başlygy Ýoiti Miýamoto Sankei gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, köp sanly daşary ýurt pawilýonlarynyň gurluşygyna taýýarlyk işleri gaty gijikdirilýär. Assosiasiýanyň başlygy: "Bütindünýä sergisiniň geçirilmeli senesi baradaky karary hökümet kabul edýär. Ýöne ony yza süýşürmegiň aladasyny etmeli" - diýdi.
Telekeçi pandemiýa sebäpli Dubaýda geçen ýylyň mart aýynda tamamlanan öňki dünýä sergisiniň seneleriniň yza süýşürilendigini aýtdy. Şonuň üçin Osakada geçiriljek “Expo-2025” -e taýýarlyk görmek üçin gaty az wagt galdy. Gurluşyk materiallarynyň bahasynyň hem ep-esli ýokarlanmagy täsirini ýetirmän duranok. Birleşigiň başlygy şeýle şertlerde käbir ýurtlaryň Osakada geçiriljek Expo-2025 sergisine düýbünden gatnaşmakdan ýüz öwürip biljekdigini aýtdy.
Sergini Osakada geçirmek baradaky karary 2018-nji ýylda Parižde Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynda kabul edildi.


26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......