Ýürek ýetmezçiliginde günde näçe ädim ýöremeli?

  • 27.07.2023 19:19
  • 22k+

Miçigan uniwersitetiniň alymlary pyýada ýöremegiň 12 hepdäniň dowamynda ýürek ýetmezçiliginden ejir çekýänleriň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edip biljekdigini ýüze çykardylar. Bu barlagyň netijeleri «JACC: Heart Failure» žurnalynda çap edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Barlaga ýürek ýetmezçiligi bolan 425 adam gatnaşdy. Alymlar olaryň saglyk ýagdaýyna 100 ball ulgamy boýunça baha berdiler. Ol fiziki çäklendirmeleri, simptomlaryň ýygylygyny, durmuş derejesini we sosial çäklendirmeleri öz içine alýar. Barlaga gatnaşyjynyň bally näçe ýokary bolsa, saglyk ýagdaýy hem şonça gowy diýmekdir.
Barlagyň ahyrynda her günki ädýän ädimleriniň sany 2 müňe golaý köpelen adamlaryň görkezijisi ädimleriniň sany üýtgemedikleriňkä görä 5,2 ball artdy. Ýagny her gün 5 müň ädim ädýän adamlaryň görkezijileri iň gowy derejä eýe boldy, gündelik 2-3 müň ädim ädenleriň hem ballary artmak bilen boldy.


şu gün 07:29
86

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.5k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.8k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......