Tesla awtoulaglary ýedi ýyllyk möhlet bilen karzyna satyn almagy hödürleýär

  • 27.07.2023 19:09
  • 14k+

Amerikanyň Tesla kompaniýasy müşderilerine ýedi ýyllyk karzyna awtoulag satyn almagy teklip etdi. Bu barada Electrek neşiri habar berýär.

Habar beriş serişdeleriniň žurnalistleriniň pikiriçe, 84 aý ýa-da 7 ýyl karz bermek mümkinçiligi korporasiýanyň web sahypasynda peýda boldy. Täze sarp edijiler elektrik awtoulagyny karzyna alyp, onuň doly bahasyny ýedi ýyllap töläp bilerler. Bu hyzmat ABŞ-da eýýäm ýola goýlup başlandy.
32 000 dollar bahasy bolan Model 3 markasynyň iň amatly awtoulagynda başlangyç tölegiň mukdary 4,5 müň dollar, aýlyk töleg 551 dollar bolar. Şeýlelik bilen, Tesla elektrik awtoulagynyň karz stawkasy 6,39 göterim, şeýlelikde, artykmaç tölegi goşmak bilen, onuň bahasy 46 000 dollara düşýär.
Electrek-iň hünärmenleriniň pikiriçe, täze usul awtoulag sürüjisiniň köpüsine gymmat bahaly elektrikli awtoulag satyn almaga mümkinçilik berer. Neşiriň awtorlary bu teklibiň, esasanam, göterimleriň ýokarydygy sebäpli möhümdigini bellediler.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......