Ýaponiýanyň ilaty 14-nji ýyl bäri azalmagyny dowam edýär

  • 27.07.2023 15:06
  • 10k+

Geçen ýyl Ýaponiýanyň ilaty tas 800 müň adam azalyp, 122,42 mln adama barabar boldy. Şeýle maglumatlary Ýaponiýanyň Içeri işler we aragatnaşyk ministrligi hödürledi diýip, kommersant.ru habar berýär.

Ýurduň ilaty yzygider 14-nji ýyl, üstesine-de soňky ýyllar has çalt azalýar. 2022-nji ýylda Ýaponiýada 1,56 mln ölüm hasaba alyndy – bu statistikanyň taryhynda rekorddyr. Şol bir wagtyň özünde, doglanlaryň sany ilkinji gezek 800 müňden az – 771 müň boldy.
Gözegçiligiň taryhynda ilkinji gezek ilat Ýaponiýanyň 47 prefekturasynyň ählisinde azaldy. Ýene bir rekord – ýurtda hemişelik esasda ýaşaýan daşary ýurtly raýatlaryň sanynyň 10,7% artmagydyr. Olaryň sany tas 3 mln adama ýetdi. Hatda daşary ýurtlularyň sanyny hem hasaba alanyňda, Ýaponiýanyň ilaty 511 müň, 125,42 mln adama çenli azaldy.


26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......