Singapuryň Prezidenti Türkmenistanyň täze ilçisini kabul etdi

  • 26.07.2023 21:41
  • 28k+

Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky (ýerleşýän ýeri Seul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakoba ynanç hatyny gowşurdy.

Ynanç hatyny gowşurmak dabarasyndan soňra Singapuryň Prezidenti bilen ilçiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ilçi Türkmenistanyň Singapur bilen dürli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maliýe, saglygy goraýyş, senagat, maglumat, nebithimiýa, ulag-logistika, şähergurluşyk, şeýle hem medeni-ynsnaperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Hususan-da, ilçi Türkmenistanyň “akylly şäherleri” gurmak we dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmasynyň bardygyny belläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň milli we halkara infrastruktura taslamalaryny işjeň öe sürüp, durmuşa geçirýändigini belläp, şeýle taslamalaryň biriniň ýurduň ilkinji “akylly şäheri” Arkadag şäheri taslamasy bolup durýandygyny mälim etdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......