Ýewropanyň iň asuda howa menzilleri saýlandy

  • 26.07.2023 11:57
  • 26k+

Awtomobilleri kärendesine bermek hyzmatlaryny hödürleýän StressFreeCarRental kompaniýasy iň asuda howa menzillerini tapmak üçin dünýäniň iň meşhur howa menzilleri barada maglumatlary ýygnady. Bu barada Tengitravel.kz habar berýär.

Hünärmenler ýylyň dowamynda syýahatçylaryň umumy sanyna, şäher merkezinden uzaklygyna, awtoulag duralgasynyň bahalaryna we hil derejesine esaslanyp, reýting düzdüler. Bu şeýle düşündirilýär: ýolagçy akymy näçe az bolsa, şonça-da howa menzilindäkiler stressi az başdan geçirýärler. Şonuň ýaly-da, şähere näçe ýakyn bolsa, şonça-da transport arzan we meseleler az bolýar. Maksat iň az "stressli" howa menzilini tapmakdy.
Ýewropanyň iň asuda howa menzilleriniň ilkinji üçlügine Wilnýusyň, Billunnyň we Lýuksemburgyň howa duralgalary girdi.

Iň gowularyň doly onlugy şeýle görnüşde:

1. Wilnýus (Litwa)
2. Billunn (Daniýa)
3. Lýuksemburg (Lýuksemburg)
4. Menorka (Ispaniýa)
5. Gannower (Germaniýa)
6. Nýukasl (Beýik Britaniýa)
7. Korfu (Gresiýa)
8. Tronheým (Norwegiýa)
9. Turin (Italiýa)
10. Kalýari-Elmas (Italiýa).


25.06.2026 23:36
5.2k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......