Tesla Cybertruck üçin 2 milliona golaý sargyt aldy

  • 25.07.2023 11:54
  • 13k+

Tesla kompaniýasy elektrikli Cybertruck pikapy üçin 1,94 milliondan gowrak sargyt aldy. Bu barada köpçülikleýin maglumatlara salgylan Teslarati portaly ýazýar.

Tesla Cybertruck-y bron etmek üçin potensial alyjy öňünden 100 dollar geçirmeli. Şeýlelik bilen, awtoulag öndürijisi öňünden edilen sargytlardan eýýäm 194 million dollardan gowrak pul aldy diýip habarda aýdylýar.
Müşderileriň, elektrikli pikaplaryň gelmegine takmynan 4-5 ýyl garaşmaly boljakdyklaryna garamazdan, Tesla Cybertruck-y sargyt etmeklerini dowam etdirýändikleri bellendi. InsideEVs -iň habaryna görä, amerikan kompaniýasy ýylda 375 000 Cybertruck pikap öndürmegi meýilleşdirýär.
Iýul aýynyň ortalarynda Tesla Cybertruck elektropikapynyň ilkinji köpçülikleýin öndüriljek nusgasyny görkezdi. Deslap, köpçülikleýin awtoulagy 2021-nji ýylda öndürip başlamak meýilleşdirilipdi, ýöne möhletler birnäçe gezek üýtgedildi.


11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....

28.04.2026 23:00
6k+

Tesla-nyň Cybertruck pikaplarynyň esasy alyjysy Ilon Maskyň özi bolup çykdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki kompaniýalar, ilkinji nobatda bolsa SpaceX, Cybertruck elektrik pikaplarynyň esasy alyjylaryna öwrüldiler. Olar geçen ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-da hasaba alnan ähli Cybertruck......