Malaýziýaly motosikletli ekspedisiýa Türkmenistanyň çäginden geçdi

  • 24.07.2023 15:05
  • 43k+

21-nji iýulda malaýziýaly motosikletli ekspedisiýa Türkmenistana gelip ýetdi. Biziň ýurdumyz olar üçin hasap boýunça 19-njy boldy. Motosürüjiler London — Kuala-Lumpur ugry boýunça hereket edip barýarlar we ýolugrunda ýene-de azyndan 16 döwlete bararlar diýip, ORIENT agentligi New Straits Times malaý gazetine salgylanyp habar berýär.

Malaýziýaly topar eýýäm Beýik Britaniýa, Fransiýa, Şweýsariýa, Italiýa, Germaniýa, Çehiýa, Awstriýa, Wengriýa, Rumyniýa, Bolgariýa, Türkiýä baryp gördüler. 
Aşgabada ekspedisiýa Eýrandan geldi.
Ýoluny dowam etmezden öň, motosikletçiler Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna baryp gördüler.
QMEPWK66 diýlip atlandyrylan eskpedisiýanyň alty agzasy 20-nji iýunda Londondan badalga alypdyr. Syýahat 66 gün dowam etmeli we 31-nji awgustda Malaýziýa ýurt Garaşsyzlygynyň 66 ýyllygyna baryp ýetmeli.
Uzynlygy 22 müň km bolan ekspedisiýa Tunku Abdul Rahman Putra Al-Haja bagyşlanýar. Ol 1957-nji ýylda malaý Garaşsyzlyk Jarnamasyny Londondan Kuala-Lumpura getiripdir.


şu gün 09:43
3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.6k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.8k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......