Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

  • 24.07.2023 13:49
  • 8.3k+

Şu gün — 24-nji iýulda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady hem-de Özbegistanyň doganlyk halkyna saglyk, abadançylyk we üstünlikler arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki taslamalary ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.
«Şabat — Daşoguz» erkin söwda zolagyny döretmek boýunça bilelikdäki işleriň ilkinji netijeleri uly kanagatlanma bilen bellenildi.
Tmcars-yň öň habar berşi ýaly, Daşoguz welaýatynyň Türkmen-Özbek serhetýaka zolagynda söwda merkezi gurlar. Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlap, Söwda merkezini 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


düýn 12:11
10k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......