Threads gündelik işjeň ulanyjylarynyň 70% -ini ýitirdi

  • 23.07.2023 15:32
  • 8k+

Threads sosial ulgamyny gündelik işjeň ulanyjylaryň sany 13 million adama çenli azaldy. The Wall Street Journal neşiriniň habaryna görä, 7-nji iýulda hasaba alnan ulanyjylaryň işjeňliginiň iň ýokary derejesinden pese gaçyş 70% boldy.

Mundan başga-da, Threads ulanyjylaryň sosial ulgamda her gün sarp edýän wagtyny çalt ýitirýärler - ulanyjylaryň onlaýnda sarp eden minutlaryň ortaça sany günde 19-dan 4-e çenli azaldy.
Şol bir wagtyň özünde, Twitter özüniň ortaça görkezijilerini saklaýar - sosial ulgama her gün ortaça 30 minudyny sarp edýän 200 million töweregi ulanyjy girýär.
Mark Sukerberg Threads-i 6-njy iýulda işe girizdi. 10-njy iýula çenli sosial ulgamda hasaba alnanlaryň sany 100 milliona ýetdi.
Threads aragatnaşyk programmasy bolup, onda tekst ýazgylaryny iberip, olara baglanyşyklary, suratlary we wideolary goşup bolýar. Twitterdäki ýaly, ýazgylara haladym diýip, teswir berip we beýleki ulanyjylar bilen paýlaşyp bolýar.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.7k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....