Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi

  • 22.07.2023 08:59
  • 8.6k+

21-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.

Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik ulgamda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanda öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy, gazhimiýa pudagynda birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga, medeniýet we bilim ulgamlaryndaky däp bolan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Syýahatçylyk ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmek üçin hem mümkinçilikler bar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk halklarymyzyň ýakynlaşmagyna, olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow hem-de Kim Çžin Pýo netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.


düýn 12:22
2.1k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......