Kia Sportage modeliniň 30 ýyllygyna bagyşlanan 2024 30th Edition wersiýasyny hödürledi

  • 21.07.2023 18:29
  • 19k+

Köp bazarlarda iň meşhur bolan Kia Sportage krossoweri 30 ýaşady. Munuň hormatyna içerki bazarda Kia Sportage 2024 30th Edition -yň ýörite wersiýasy hödürlenýär.

Tehniki nukdaýnazardan seredilende, ýubileýe bagyşlanan Sportage-iň adaty görnüşden tapawudy ýok, ýöne ähli gapylarda goşa aýnaly penjireler bar, bu salondaky sesiň derejesini ep-esli peseltmeli, onsoňam munda gapdal howpsuzlyk ýassyklary yzky hatarda goýlan. Galany diňe kosmetiki üýtgeşmelerdir: ýükdanyň reýlingleri we gapdal aýnalaryň korpusy gara ýalpyldyly, radiator gözenegi we teker diskleri gara reňkde, oturgyçlar bolsa goýy ýaşyl.
Şeýle hem, Kia ilkinji we soňky nesilleriň Sportage-i barada ajaýyp wideo görkezdi - bu modeliň üýtgändigini aýdyň görkezýär.


09.05.2026 12:43
3.5k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....