Russiýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin wiza düzgünleri ýeňilleşdirildi

  • 20.07.2023 18:14
  • 33k+

22-nji iýuldan Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň dalaşgärlerine we talyplaryna talyp wizasyny bermek üçin resminamalary kabul edip başlar. Bu barada ORIENT agentligi Ilçihananyň wekillerine salgylanyp habar berýär.

Kabul edişlik diňe şenbe günleri geçirilýär. Şeýlelikde, hepdede bir gün ilçihana diňe dalaşgärler we talyplar bilen iş salşyp, wizanyň diňe bir görnüşini resmileşdirmek bilen meşgullanar. Bu türkmen ýaşlary üçin okuwa giriş işini we Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa dolanyp barmak ýagdaýyny aňsatlaşdyrar.
Bu täzelik Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen raýatlary üçin kwotalaryň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşykly.
Dalaşgärler aşakdaky resminamalary özleri bilen getirmeli:

  • - Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk bölüminiň talyp wizasyny ýa-da wiza boýunça görkezmelerini resmileşdirmek üçin Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň çakylyk haty;
  • visa.kdmid.ru web sahypasynda öňünden doldurylan suratly elektron sowalnamalar;
  • - içerki we daşary ýurt türkmen pasportlarynyň göçürmesi we asyl nusgasy (halkara pasportyň güýji çakylykda görkezilen wizanyň möhletiniň tamamlanmagyna çenli azyndan 18 aý galan bolmaly);
  • - AIW infeksiýasynyň ýoklugy barada möhleti geçmedik (şahadatnamanyň möhleti  3 aý) şahadatnamanyň rus diline terjime edilen görnüşi.

Kabul edişligiň deslapky sanawlara laýyklykda geçirilýändigini ýatladýarys.
Mugt okuw wizasy ýedi iş gününiň dowamynda resmileşdirilýär. Gyssagly wiza üç iş gününiň dowamynda resmileşdirilýär we bahasy 160 dollar.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......