Rimac Nevera giperkary Gudwud ýolunyň rekordyny täzeledi

  • 19.07.2023 07:50
  • 11k+

Rimac Nevera giperkary Gudwud trassasynda 1,9 kilometrlik ýoly 49,32 sekuntda geçip, köpçülikleýin öndürilen elektrik ulaglary üçin ýol tizliginiň rekordyny täzeledi. Ýaryşyň wideosy çäräniň resmi YouTube kanalynda çap edildi.

Adaty “Goodwood Hill Climb” ýaryşynda Nevera iň çalt awtoulaglar klasynda bäsleşdi we öz toparyndaky ýeke-täk elektrik awtoulagy boldy. Beýleki gatnaşyjylara Dodge Viper GTS-R, Ferrari 488 Challenge, Ford Puma WRC, Porsche 911 GT2 RS Clubsport, Porsche 911 GT3 Cup, McLaren M26, Nissan GT-R R32, Subaru GL Family Huckster we McLaren Solus GT girdi. Soňkusy 2023-nji ýyldaky iň gowy wagty  - 45,34 sekunt netijäni görkezdi.
Iňlis McMurtry Speirling elektrokary (39,08 sekunt) geçen ýyldan bäri Gudwud-yň absolýut çempionydyr. “Speirling Pure” diýlip atlandyrylýan söwda görnüşi şu tomus yglan edildi, ýöne ony 2025-nji ýylda öndürip başlarlar, onuň her biriniň bahasy 820 000 funt sterling (1 million dollardan gowrak) bolup, bary-ýogy diňe 100 sanysy öndüriler.
Gudwud-yň ýolunda Rimac Nevera-dan öňe geçýän başga-da iki sany elektrikli awtoulag bar, ýöne olaryň hiç biri-de raýat ulagy däl. Bu Volkswagen ID.R (39,9 sekunt) sport prototipidir we adaty ýollara çykmaga ygtyýary bolmadyk Nio EP9 (44,32 sekunt) trek giperkarydyr.


12.05.2026 14:52
2.1k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...