Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellenildi

  • 17.07.2023 23:57
  • 60k+

17-nji iýulda Prezident Serdar  Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. 

Mejlisiň barşynda Serdar Berdimuhamedow A.Sazakowy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belledi hem-de ony bu Gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň täze ýolbaşçysy  harby borja wepalylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip hem-de halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etjekdigi barada dabaraly kasam etdi.
14-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Döwlet migrasiýa gullugynyň öňki başlygy B.Wolsahatowy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçysy wezipesine belledi. A.Sazakowa bolsa Gullugyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi tabşyrypdy.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......