Tesla iki ýyl gijikdirmeden soň ilkinji Cybertruck elektropikapyny döretdi

  • 17.07.2023 18:18
  • 27k+

Tesla amerikan kompaniýasy ilkinji Cybertruck elektropikapyny döretdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, Reýter agentligi habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, Tesla şu ýylyň ahyrynda Cybertruck-yň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär, bu hem awtoulag bazaryna doly derejede çykmaga we Ford Motor hem Rivian Automotive bilen bäsleşmäge mümkinçilik berer.
Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, awtoulagyň korpusy örän berk poslamaýan polatdan taýýarlanan, aýnalary bronýalanan. Ilon Mask awtoulagyň kuzowynyň 9-mm kalibrli okuň geçmegini saklar ýaly derejede berkdigini aýdýar.
Belläp geçsek, Tesla Cybertruck modelini 2019-njy ýylda hödürledi, köpçülikleýin önümçiligiň başlanmagy 2021-nji ýyla meýilleşdirildi, ýöne ahyrynda ol 2022-nji ýyla, soňra 2023-nji ýyla yza süýşürildi. Mask şeýle gijikdirmäni modeliň birnäçe aýratynlyklaryny kämilleşdirmegiň zerurlygy we üpjünçilik zynjyryndaky bökdençlikler bilen düşündirdi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......