Baýden ABŞ-da saýlawdan öňki kampaniýanyň barşynda hemmelerden köp pul gazandy

  • 17.07.2023 18:11
  • 18k+

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek ABŞ-nyň prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda saýlawdan öňki kampaniýany geçirmek üçin 72 mln dollar töweregi pul ýygnady. Report agentliginiň belleýşi ýaly, bu barada “The Hill” gazeti habar berýär.

Baýden tarapyndan ýygnalan serişdeleriň mukdary öňki prezident Donald Trampyň we islendik dalaşgäriň görkezijilerinden iki esse köpdür diýip, gazet belleýär. Bu hem oňa saýlawyň öň ýanyndaky kampaniýasynyň ilkinji aýlarynda uly üstünligi üpjün edýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, häzirki prezidentiň gaýtadan saýlanmagy boýunça kampaniýa 72 mln dollar ýygnady. Şeýle-de, Baýdeniň elinde 77 mln dollar nagt puluň bardygy we bu mukdaryň taryhda demokrat üçin iň uly mukdardygy habar berilýär.
Respublikaçylaryň arasynda ýeňiji we Baýdenden soň ikinji Tramp boldy. Ol kampaniýany geçirmek üçin 35 mln dollardan gowrak ýygnady.


08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 15:17
4k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......