Tirkegine saman ýüklenen Bentley Bentayga krossoweri Gudwudyň rekordyny goýdy

  • 17.07.2023 17:53
  • 28k+

Bentley kompaniýasy adaty bolmadyk rekordyň goýlandygyny yglan etdi. Uzyn esasly Bentayga krossoweri Gudwudyň trassasyndaky kötele 1 minut 21 sekuntda çykmagy başardy. Şol bir wagtyň özünde, wnedorožnik 2,5 tonna saman ýüklenen tirkegi çekdi we hereketlendirijisi täze sintetiki ýangyçda işledi.

Bentley iňlisleriň “ýol otlusynyň” tirkegli awtoulaglaryň arasynda Gudwudyň rekordyny goýandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, howpsuzlyk nukdaýnazaryndan ýaryş, onuň geçiriljek çägi taýýarlap ýörkä, adaty Tizlik festiwalynyň maksatnamasyndan daşgary geçirildi, şonuň üçin bu rekord resmi däl hasaplanýar.
550 at güýji bolan 4.0 litrlik turbo görnüşli V8 bilen Bentley Bentayga EWB iňlisleriň samandan we oba hojalygynyň galyndylaryndan ýasaýan täze sintetiki ýangyjyny ulandy. Awtoulaga ýüklenen saman takmynan 1800 kilometr ýol geçmäge ýetýän ýangyç öndürmek üçin ýeterlikdir. Täze Bentley ýangyç hereketlendirijileriniň gurluş üýtgemezden hereket edip biljekdigi öňe sürülýär.
Kompaniýanyň Goodwood-da görkezjek ähli Bentley-leri täze ýangyçdan dolduryldy. Bu olaryň öndürýän zyýanly zyňyndylarynyň mukdarynyň 85% azalmagyna getirer.


22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

12.05.2026 14:52
2.4k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.3k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...